Sepleriň elýeterliligi

Orsýet ÝB-den gök önüm getirmegi gadagan etdi


Şu gün Ýewropa Komissiýasy Orsýetin Ýewropa Bileleşiginden gelýän gök önümleriň importyna girizen gadagançylygyny tankyt etdi.

Ýewropa Komissiýasynyň metbugat sekretary Frederik Winsent şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Saglyk meseleleri boýunça komissarynyň bu mesele boýunça Orsýetiň hökümetine protest notasyny göndermekçidigini aýtdy.

Şu gün Orsýet Ýewropada peýda bolan howply “E-coli” bakteriýasynyň howpy sebäpli Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan gök önüm satyn almasyny togtatdy.

Ýewropanyň spesialistleri soňky günler 17 adamyň ölümine getiren bu howply bakteriýanyň çeşmesiniň henizem doly anyklanmandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG