Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz generaly öz çinden meýletin ýüz öwürdi


Şu gün Gyrgyzystanyň ozalky içeri işler ministri Bolot Şer parlamentde eden çykyşynda geçen ýylyň tomsunda ýurduň günortasynda etniki çaknyşyklaryň ýüze çykmagyna ýol berlendigi üçin ötünç sorady.

Şeýle hem, ol bu waka bilen bagly jogapkärçilikleri üçin deputatlyk wezipesinden el çekýändigini we özüniň general-leýtenantlyk çininden hem meýletinlik bilen ýüz öwürýändigini aýtdy.

Bolot Şer bu barada şu gün Gyrgyzystanyň parlamentinde döwlet komissiýasynyň geçen ýylky etniki çaknyşyklaryň sebäpleri we netijeleri barada taýýarlan hasabaty bilen bagly geçiren diňlenişiginde eden çykyşynda mälim etdi.
XS
SM
MD
LG