Sepleriň elýeterliligi

Neşa garşy global göreş “şowsuzlyga uçrady”


Şu gün neşe baradaky syýasat boýunça Global Komissiýanyň agzalary öz ýaýradan hasabatlarynda neşelere garşy halkara göreşiniň şowsuzlyga uçrandygyny aýdyp, indi hökümetleriň marihuana ýaly neşe serişdelerini kanunylaşdyrmagyň ýoluny agtarmalydyklaryny öňe sürüpdirler.

Bu baradaky hasabatda neşä garşy alnyp barylýan global göreşiň tutuş jemgyýetler üçinem, raýatlar üçinem alada döredeji şowsuz netijelere alyp gelendigi aýdylýar.

Bu hasabaty taýýarlan 19 agzaly halkara komissiýasynyň düzüminde BMG-niň ozalky Baş Sekretary Kofi Annan, ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk bankynyň ozalky başlygy Pol Wolker, Meksikanyň, Braziliýanyň we Kolumbiýanyň ozalky prezidentleri-de bar.
XS
SM
MD
LG