Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Politkowskaýany öldürenlikde şübhelenilýäne günä bildirildi


Orsýetiň organ işgärleri şu hepde Çeçenistanda tussag edilen Rustam Mahmudowa 2006-njy ýylda žurnalist Anna Politkowskaýany öldürmekde resmi aýyplama bildirilendigini mälim etdiler.

Orsýetiň Jenaýat-derňew komitetiniň metbugat sekretary Wladimir Markin şeýle aýyplama bildirmek üçin ýeterlik subutnamanyň toplanandygyny aýtdy.

“Geçirilen derňewlere görä, hut Rustam Mahmudow ‘Nowaýa gazetanyň’ žurnalisti Anna Politkowskaýa garşy kast edişligi amala aşyryjy bolup durýar. Häzirki güne çenli Jenaýat-derňew komiteti tarapyndan Rustam Mahmudowyň bu jenaýaty amala aşyrandygyny subut edýän ýeterlik subutnamalar toplandy” diýip, Markin belledi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar Anna Politkowskaýanyň öldürilmegine görkezme berenleriň henizem tapylmaýandygyny aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG