Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«G-mail» hytaýly hakerleriň hüjümine uçrady


«Google» kompaniýasy hytaýly internet hakerleriniň Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli hökümet resmileriniň, harby ofiserleriniň we žurnalistleriniň ýüzlerçesiniň şahsy internet bukjalaryna girendiklerini aýdýar.

Ýöne «Google» kompaniýasy «G-mail» hasaplaryna degişli şol bukjalardan nähilidir bir gizlin maglumatlaryň ogurlanandygy ýa ogurlanmandygy barada hiç hili maglumat bermeýär.

Hytaýyň daşary işler ministri Hong Leý hakerleriň işi bilen baglanyşykly bu elektron hüjümlerine Hytaýyň hökümetiniň nähilidir bir dahylynyň bardygyny ret etdi.
XS
SM
MD
LG