Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň başlygy türkmen hökümetini aktiwistler bilen işleşmäge çagyrdy


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki ýolbaşçysy, Litwanyň daşary işler ministri Audronius Azubalis
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki ýolbaşçysy, Litwanyň daşary işler ministri Audronius Azubalis
Penşenbe güni Türkmenistana sapar eden Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki ýolbaşçysy, Litwanyň daşary işler ministri Audronius Azubalis türkmen häkimiýetlerini hökümete degişli bolmadyk guramalary hasaba almakdaky gadagançylyklary aradan aýyrmaga çagyrdy.

Azubalis, eger-de hökümet bilen aktiwistleriň arasynda hyzmatdaşlyk bolmasa, onda Türkmenistanda demokratiýany ornaşdyryp bolmajakdygyny nygtady.

Häzirki wagtda Türkmenistanda öz işini päsgelçiliksiz ýöredip bilýän jemgyýetçilik guramasy ýok, ýurtda hökümete garşy oppozisiýa gadagan edilen, metbugat hökümetiň gözegçiliginde, bir partiýa hereket edýär.

Azubalis ÝHHG-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyklaryny has-da giňeltmäge taýýardygyny hem belledi.

Penşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygyndan soň eden çykyşynda Azubalis özüniň Türkmenistana edýän saparynyň esasy maksadynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary giňeltmek mümkinçiliklerini öwrenmekden ybaratdygyny nygtady.

Mundan daşary, Azubalis halkara derejesinde energiýa howpsuzlygy üçin baza döretmekde Türkmenistanyň görkezýän tagallalary barada-da öwgüli sözleri aýtdy.

ÝHHG-niň missiýasyna adam hukuklaryna, metbugat azatlygyna, açyk saýlawlaryň geçirilmegine we ýarag meselelerine gözegçilik ýaly wezipeler girýär.
XS
SM
MD
LG