Sepleriň elýeterliligi

Türk saýlawlaryndan nämä garaşylýar?


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan “Adalat we Galkynyş” partiýasynyň tarapdarlaryna ýüzlenýär, 1-nji iýun.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan “Adalat we Galkynyş” partiýasynyň tarapdarlaryna ýüzlenýär, 1-nji iýun.

Türkiýede öňki gezek güýç-gudraty kesilen harbylar boldy. Bu gezek hem kiçijik milletçi partiýany gurşap alan jynsy biabraýçylyk. Ýäňy maý aýynda sagçy “Milliýetçi hereket” partiýasynyň 10 sany ýokary derejeli agzasy wezipeden çekilmäge mejbur boldular. Muňa sebäp bolan zat – birnäçe wideo ýazgysynyň ile ýaýradylmagy. Bu wideolarda olaryň syýasy wezipelerine laýyk gelmeýän işler bilen meşgul boluşlary görkezilýär.

“Milliýetçi hereket” partiýasy türk syýasatynda uly bir rol oýnanok. Onuň 550 orunly parlamentde häzirki wagtda diňe 70 orny bar. Şol sebäpden bu waka köp ähmiýet berilmedi. Iş ýüzünde welin, munuň ýurduň syýasy sahnasyny üýtgetmek mümkinçiligi bar.

Pikir soralyşyklaryň görkezmegine görä, bu biabraýçylyk zerarly “Milliýetçi hereket” partiýasynyň öňdäki saýlawda alan sesleriniň 2007-nji ýyldaky 14 prosentden aşaklamagy mümkin. Bu partiýanyň alan sesleri 10 prosente ýetmän, ol parlamente girip bilmese, onda premýer-ministr Rejep Taýyp Erdoganyň yslamçylyga esaslanýan “Adalat we Galkynyş” partiýasy aňsatlyk bilen sesleriň 2/3 bölegini alyp bilýär. Bu hem Baş kanuny täzeden düzmäge ýeterlik.

Stambulyň Kadir Has uniwersitetinden halkara gatnaşyklar boýunça professor Soli Özeliň pikiriçe, “Adalat we Galkynyş” partiýasy sesleriň aglaba köplügini alsa, Erdoganyň Wenesuelanyň prezidenti ýaly güýçli prezident bolmagy mümkin.

“Biz has güýçli Erdogan bilen ýüzbe-ýüz bolarys. Has awtoritar Türkiýe bilen hem ýüzbe-ýüz bolmagymyz mümkin. Syýasy bilimde saýlaw awtoritarizmi ýa bäsleşikli awtoritarizm diýilýän bir zat bar. Onda saýlawlar, institusional işgärler bar, ýöne häkimiýet bir ýere jemlenen. Bolmagy mümkin zat – Wenesuelanyň ýagdaýy. Ol ýerde oppozisiýa bar, saýlawlar bar, ýöne Çawez gaty güýçli. Biziň ahyrsoňy barjak ýerimiz şol bolar. Aýratyn-da premýer-ministr prezidentlik sistemany arzuw edýänligini aýdaly bäri” diýip, Özel aýdýar.

Prezidentlik sistemasy

Ýöne Türkiýede ýerleşýän ylmy-barlag merkezi “Tesewiň” geňeşçisi Mensur Akgün bu pikire goşulmaýar. “Premýer-ministr Erdogan, elbetde, prezidentlige taýýarlyk görýär. Onuň Baş kanuna üýtgetme girizip, prezidente köp ygtyýar berilmegini isleýändigi, ýurdy premýer-ministriň däl-de, özüniň dolandyrmak isleýändigi belli. Ýöne ol muny edip bilmez. Onuň öz partiýasynyň hatarynda-da prezidentlik sistemany islemeýän adamlar bar. Sebäbi bu iş geçen 70 ýyllykda ornan normalaryň, parlamentar sistemanyň işleriniň üýtgedilmegini talap edýär” diýip, Akgün aýdýar.

Erdogan prezident bolup bilmese-de, tankytçylar ony “Adalat we Galkynyş” partiýasynyň üstünden diktator ýaly höküm sürýänlikde aýyplaýarlar. Ol ýaňy ýeterlik wepaly hasaplanmaýan 200-den agdyk parlamentçini aýryp, olaryň ýerine öňdäki ses berişlik üçin ýörite saýlanan kandidatlary getirdi.

Özeliň pikiriçe, türk demokratiýasy üçin bu bir eýgiligiň alamaty däl: “Ol 2007-nji ýylda parlamentçileriň 2/3 bölegini çykardy. Garaşsyz pozisiýaly adamlar parlamentden çykaryldy. Indi-de ýene 220 çemesi deputaty çykaryp, hemmelere özüniň partiýanyň soltanydygyny görkezdi”.

Ýöne bular ýaly tankytlarda Erdoganyň, onuň partiýasynyň halk arasynda gaty gowy görülýändiginiň gözden salynmagy mümkin. Onuň halk arasynda halanmagy häzir 9 prosent töweregi ösýän ykdysadyýetden gözbaş alýar.

Akgün Erdoganyň syýasy üstünligi we ynamdar bäsdeşiň ýokdugy üçin gowy görülýändigini aýdýar. “Muňa sebäp bolýan zat, mysal üçin, ykdysadyýetde gazanylýan üstünlik, täze proýektleriň başyny başlamakda gazanylýan üstünlik, saglygy goraýyşda gazanylýan üstünlik. Munuň sebäbi demokratiýa ugrunda edilýän tagallalar, bu şeýle hem daşary syýasat bilen baglanyşykly. Munuň sebäbi dürli meselelerde berk tutum we barlyşykly pozisiýa. Halk olary gowy görýär. Üstesine-de, bir saldamly oppozisiýa ýok” diýip, Akgün belleýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG