Sepleriň elýeterliligi

CNN-iň öňki dolandyryjysy Stiwen W.Korn RFE/RL-niň prezidenti wezipesine bellendi


Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň täze prezidenti Stiwen W.Korn
CNN media kompaniýasynyň başlygynyň öňki orunbasary we baş iş dolandyryjysy Stiwen W.Korn Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň (RFE/RL) Direktorlar geňeşi tarapyndan bu radiostansiýanyň prezidenti wezipesine bellendi. Özüniň täze wezipesinde ol Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň 21 ýurtdaky işine gözegçilik eder.

“Stiw Kornuň halkara mediasy we aragatnaşyk ulgamy boýunça örän uly tejribesi bar. Onuň liderligi we köptaraplaýyn tejribesi RFE/RL-niň işine örän uly goşant goşar” diýip, Gubernatorlaryň teleradiogepleşikler geňeşiniň (BBG) agzasy we RFE/RL-niň başlygy Dennis Mulhaupt aýtdy.

Korn özüniň täze wezipesine 11-nji iýulda girişer. RFE/RL-niň baş ştaby Pragada ýerleşýär.

“RFE/RL-niň möhüm missiýasyna goldaw bermäge mümkinçilik alandygyma tolgunýaryn we özümi borçly duýýaryn” diýip, Korn aýtdy. “Geçen 60 ýylyň dowamynda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy özüni erkin medianyň güýjüniň aýratyn mysaly hökmünde görkezdi. Bu gün RFE/RL-niň žurnalistleri dünýäde iň agyr habarçylyk şertleri ýagdaýynda iş alyp barýarlar” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Bu habar şu gün RFE/RL-niň Direktorlar geňeşiniň Waşingtonda geçen duşuşygynda yglan edildi. Bu geňeş Gubernatorlaryň teleradiogepleşikler geňeşiniň agzalaryndan ybarat.

“Stiw habar beriş serişdeleriniň işini bilýär. ABŞ-nyň Halkara teleradiogepleşiklerini taýýarlaýan bäş edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak we netijeliligi artdyrmak boýunça iş alyp barýan häzirki döwrümizde onuň tejribesi biziň üçin möhüm bolar” diýip, BBG-niň başlygy Wolter Isakson aýtdy.

Korn Jeffri Gedminiň ýerine geçdi. Gedmin RFE/RL-niň prezidenti bolup dört ýyl işläninden soň şu ýylyň mart aýynda wezipesinden çekilipdi.

Stiwen W.Korn 1996-2000-nji ýyllar aralygynda CNN media kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary we baş iş dolandyryjysy bolup işledi. Ol özüniň şol wezipesinde CNN habar toparynyň dolandyryş, maliýe, tehnologiýa we redaksiýa degişli bolmadyk beýleki global işleriniň ählisine umumy ýolbaşçylyk etdi.

Korn “Turner Broadcasting Systems” (TBS) kompaniýasynyň wise-prezidenti, baş maslahatçysy bolup hem işledi. Ol TBS-niň we bu kompaniýanyň dürli ýurtlardaky edaralarynyň ýuridiki işlerine jogap berýärdi. “Turner Broadcasting Systems” kompaniýasynda 17 ýyl işläninden soň, ol ýuridiki meseleler boýunça “Daily Report” gazetiniň hem-de “GC South’ žurnalynyň redaktory wezipesine geçdi. 1983-nji ýylda “Turner” kompaniýasyna işe geçmezden öň, Korn media we aragatnaşyk meselelerine degişli graždan dawalary boýunça adwokat bolup işläpdi.

2000-2007-nji ýyllar aralygynda jenap Korn Jemgyýetçilik teleradiogepleşikleri gullugynyň (PBS) geňeşinde işledi. Ol şol ýerde "Maýa goýum we öwez tölegi komitetleriniň" başlygy bolup işledi hem-de Ýerine ýetiriş, Strategiki planlaşdyryş, Maliýe we býujet, programmalaşdyryş komitetleriniň agzasy boldy.

Korn özüniň ýokary bilimini 1975-nji ýylda Wassar Kollejinde tapawutlanan diplom bilen tamamlady. 1978-nji ýylda bolsa Kornel uniwersitetinde ýuridiki ylymlaryň doktory derejesini aldy.
XS
SM
MD
LG