Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen uçarynyň uçuşy gyssagly ýagdaýda togtadyldy


Şu gün Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenistanyň howa ýollarynyň “Boeing-737” kysymly uçarynyň uçuşy tehniki sebäplere görä yza süýşürildi. Bu barada “Pulkowo 1” aeroportunyň wekili Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Berilýän maglumatlara görä, “T5 732” belgili reýs bilen Aşgabada tarap uçmaly “Boeing-737” uçarynyň çep tarapky hereketlendirijisinde näsazlyk ýüze çykypdyr we ol howa galyp-galmanka badyny togtatmaly bolupdyr.

Uçuşy gyssagly ýagdaýda saklanan uçarda 120 ýolagçy bar eken.
XS
SM
MD
LG