Sepleriň elýeterliligi

Ýemendäki hüjümde prezident Saleh ýaralandy


Şu gün Ýemeniň paýtagty Sanaada oppozisiýanyň tarapdarlary prezident Ali Abdullah Salehiň rezidensiýasyna ot açdylar. Hüjümde prezidentiň we birnäçe ýokary derejeli hökümet resmileriniň ýaralanandygy habar berildi.

Maglumatlara görä, bu hüjümde prezidentiň gorag gullugynyň dört işgäri ölüpdir. Prezidentiň alan ýarasynyň agyrdygy barada gapma-garşylykly habarlar bar.

Sanaanyň käbir böleginde hökümet güýçleriniň bilen oppozisiýanyň tarapdarynyň arasynda çaknyşyklar dowam edýär. Mundan öň Sanaada polisiýanyň protestçilere garşy ot açandygy aýdyldy.

Taýiz şäherinde polisiýa güýçleri juma namazy üçin metjide ýygnanan protestçilere garşy duýduryş oklaryny atdylar.

Oppozisiýa prezident Salehiň häkimiýetden gitmegini talap edýär.

Ýemende ýanwar aýynda Salehiň režimine garşy protestler başlanany bäri 350-den gowrak adam öldi.
XS
SM
MD
LG