Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň şäherinde 50 müň adam köçä çykypdyr


Siriýaly adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň aýtmagyna görä, şu gün Homs şäherinde azyndan 50 müň adam hökümete garşy ýöriş geçirende polisiýa olara garşy ot açypdyr. Wakada azyndan 10 adam ölüpdir.

Damaskda bolsa 2 müň çemesi adam ýöriş geçirdi, olary polisiýa dargatdy.

Howpsuzlyk güýçleri Deraa şäheriniň golaýyndaky Jassemde hem protestçilere garşy ot açdylar diýlip, habar berilýär.

Protestleriň Dal şäheriniň golaýynda we ýurduň demirgazygynda hem bolandygy aýdyldy.

Aktiwistler ýekşenbe gününden bäri Homs regionynda pesinden 75 asuda ýaşaýjynyň we harbynyň ölendigini habar berýärler.
XS
SM
MD
LG