Sepleriň elýeterliligi

Pagta galplygyna kim günäkär?


Daşoguz pagta egirme fabrigi

Daşoguz pagta egirme fabrigi

Türkmen mediasy resmi dymsa-da, Daşoguz welaýatynda pagtany artdyryp ýazma we şol ugurdaky käbir beýleki galplyklar bilen bagly maý aýynyň başynda 20-den gowrak ýolbaşçynyň jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi baradaky maglumat dünýä äşgär boldy.

Türkmenistanda häkimiýetiň çalyşmagy bilen galladaky 5-6 esse artdyryp ýazmalaryň öňi alnanam bolsa, henizem gallada-da, pagtada-da artdyryp ýazmalaryň bardygy, iň bolmanda, agzalan pudagyň hünärmenlerine belli hakykat.

Geçen ýylyň galla baýramçylygynda resmi metbugat gallaçylaryň 1 million 300 müň tonna guşgursak ak bugdaýy ýygnandyklaryny dabara bilen habar beripdi. Ýöne 2010-njy ýylyň oktýabrynda Orsiýetiň käbir gazetleri Türkmenistanyň oba hojalyk ministrligine salgylanyp, türkmen gallaçylarynyň 1 milion 500 müň tonna galla ýygnandygyny ýazdylar. Hatda ýurduň prezidenti 2011-nji ýylyň Täze ýyl gutlagynda halka ýüzlenmesinde geçip barýan 2010-njy ýylyň oba hojalygy üçin üstünlikli ýylyň bolandygyny belläp, gallaçylarymyzyň 1 million 500 müň tonna galla taýynlandygyny ýatlap geçdi. Galla ýygnamak tamamlanandan soňra, üç aý geçensoň, türkmen gallaçylarynyň taýynlan gallasy nähili ýagdaýda birden 200 müň tonna köpeldi?! Bu sowal häzirem açyklygyna dur.

Geçen ýyl öňki ýyllar bilen deňeşdireniňde, pagta hasylynyň gowy bolandygyna garamazdan, meniň bilen söhbetdeş bolan oba hojalyk hünärmenleri ýurdumyz boýunça 900 müň tonna töweregi pagta hasylynyň taýynlanandygyny tassykladylar. Eýsem-de bolsa, pagtadaky we galladaky artdyryp ýazmalar nähili döreýär?!

Her ýyl daýhanyň näçe pagta-galla öndürmelidigi ýokardan kesgitlenýär. Ýerli ýolbaşçylar ýokardan bellenen, real bolmadyk pagta-galla tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin artdyryp ýazmalara ýüz urmaga mejbur bolýarlar.

Ýurdumyzyň içki hajaty üçin gaýtadan işlenýän pagta 300 müň tonna töweregi bolsa-da, hakykatda, 500 müň tonna diýlip hasabat berilýär. Türkmen pagtasynyň hiliniň soňky döwürde ýaramazlaşandygy köplere belli. Hünärmenler pagtanyň hili ýaramazlaşdygyça, onuň süýüminiň köpelýändigini tassykladylar.

Pagtamyzyň süýümi 32-33% möçberinde bolsa hem hasabatda ony peseldip, 30% möçbereinde görkezýärler. Ýangyn, hapaçylyk, çyglylyk diýibem pagtada belli bir derejede artdyryp ýazmaga mümkinçilik bar. Oba hojalyk hünärmenleri şu bellän sebäplerim bilen bagly pagtada 40% möçberinde artdyryp ýazyp boljakdygyny bellediler.

Geçen ýyl galladan bellenen sepgide ýetip bilmedik emeldarlar pagtadan “ýokary hasyl” almaga mejbur edilipdir. Ýatladyp geçsek, Daşoguz welaýaty geçen ýyl galla hasylyny beýleki welaýatlarymyzdan az alypdy, şonuň üçinem bu welaýata pagtadan has köp hasyl almak wezipesi ýüklenipdi. Şol sebäpli oba hojalyk hünärmenleri bu welaýatda pagtadan artdyrylan meýilnama ýetmek üçin artdyryp ýazmalaryň has köp edilendigini aýdýarlar.

Daşoguz welaýatynda pagta galplygynyň üstüniň açylmagy bilen, oba hojalygyndaky artdyryp ýazmalaryň soňuna çykyljakdygyna ynanmak kyn, sebäbi Türkmenistanyň öňki prezidenti S.Nyýazowyň häzirem dowam edýän “Täze oba” syýasaty galplyga, artdyryp ýazmalara esaslanyp gurnalan.

Umuman, oba hojalygyndaky galplyklaryň, artdyryp ýazmalaryň soňuna çykmak üçin, ilkinji nobatda öňki prezident S.Nyýazowyň “Täze oba” syýasatyndan tizden-tiz el çekip, oba hojalygyny weýran eden bu syýasata adyl baha bermeli. Şeýle hem ýokardan berilýän agyr planlary ýatyryp, daýhany ýeriň hakyky eýesine öwrüp, näme ekmelidigini, näçe hasyl almalydygyny daýhanyň özüniň kesgitlemegine şert döretmeli. Iň esasy hem ýurtda metbugat azatlygy bolmasa, oba hojalygyndaky artdyryp ýazmalaryň soňuna çykyp bolmajakdygyna döwlet emeldarlarynyň akyl ýetirmegi zerur.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG