Sepleriň elýeterliligi

Muzduna tutulan ene


Ukrainada surrogatlyk talaplary we beýleki medisina hyzmatlary boýunça işleýän birnäçe edara bar.

Ukrainada surrogatlyk talaplary we beýleki medisina hyzmatlary boýunça işleýän birnäçe edara bar.

Ýakynda surrogat eneden, ýagny muzduna tutulan eneden bolan ekiz gyz bäbekleri gaçaklyk ýoly arkaly Ukrainadan alyp çykjak bolanlarynda, fransiýaly är-aýal ele salyndy.

Fransiýaly Patrik Le Rok bilen onuň aýaly Aureliýa emeli tohumlandyrmak arkaly doglan öz çagalaryny resmi ýol bilen alyp gitmekçi bolanlarynda, Fransiýanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň ol çagalara fransuz raýatlygyny bermekden we zerur dokumentleri düzetmekden ýüz öwrendigini aýdýarlar.

Geçen aý Ukrainanyň sudy bu çagalary gizlin ýol bilen serhetden aşyrmakçy bolandyklary üçin är-aýalyň her birine 2 müň dollara golaý jerime saldy. Olar indi Fransiýanyň häkimiýetleriniň bu çagalar barada çykarjak kararlaryna garaşyp, henizem Ukrainada saklanýarlar.

Fransiýaly är-aýalyň Ukrainadan surrogat usuly arkaly doglan çagalaryny alyp gitmäge eden synanyşyklary ýaly wakalar Ukrainada seýrek duş gelmeýär.

Soňky ýyllar Ukrainada emeli tohumlandyrmak arkaly daşary ýurtly raýatlara muzduna çaga dogrup berýän eneleriň sany kem-kem artýar. Şol bir wagtyň özünde-de aňsat we arzan ýollar bilen çaga edinmek isläp, Günbatar ýurtlardan Ukraina gelýän we soňra-da öz çagalaryny bu ýurtdan alyp çykyp bilmeýän ene-atalaryň sany-da gitdigiçe köpelýär.

Kanun ýok

Surrogat eneleri tutunmak, ýagny, enelere muzduna çaga dogurtdyrmak ýaly çäreler belli bir derejede täze göze ilýän tendensiýa. Häzirki wagt bu çäreleri öz içine alýan düýpli bir halkara kanunlary-da ýok.

Mysal üçin, bir tarapdan, emeli tohumlandyrmak arkaly aýallara muzduna çaga dogurtdyrýan är-aýallary Ukraina şol çagalaryň kanuny ene-atasy diýip ykrar edýär. Emma, beýleki tarapdan, Fransiýa ýaly käbir ýurtlar muzduna çaga dogurtdyrmak diýilýän çäreleri asla gadagan edýär.

Fransiýanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň internet saýtynda fransuz raýatlarynyň şeýle ýollar bilen çaga edinmeklerine ýol berilmeýändigi we hatda olara garşy administratiw hem-de jenaýat temmileriniň berilmeginiň hem mümkindigi barada duýduryş beriji maglumatlar ýerleşdirilipdir.

Hut şular ýaly kanuny kynçylyklar sebäpli şu ýylyň fewralynda belgiýaly iki sany geýler hem Ukrainada muzduna tutulan eneden doglan öz ogullaryna iki ýyla çeken seljermelerden soň gowuşdylar. Olar hem fransiýaly är-aýala meňzeşlikde, iki ýyl mundan ozal öz ogullaryny gaçak ýollar arkaly serhetden geçirmäge synanyşanlarynda şowsuzlyga uçrapdylar.

Tendensiýa

Surrogat ýollar arkaly çaga edinmek isleýän adamlara ýuridiki kömek bermek bilen meşgullanýan Kiýewdäki medisina kanunçylyk merkeziniň başlygy Serhiý Antonow Ukrainada indi beýle çäreleriň adaty çärä öwrülip başlandygyny aýdýar.

Ukrainada muzduna tutulan eneden doglan çagalaryň sany şu ýyl 40 prosent ýokarlanyp biler.
“Ukrainada indi bu tema gadagan tema bolmagyny bes etdi. Mundan ozallar bu tema barada jemgyýetda asla gürrüň edilmeýärdi. Şoňa görä, adamlar ol barada pikirem etmeýärdiler. Häzirki wagt bu tema barada jemgyýetde aktiw pikir alşylýar. Medisina tehnologiýasam indi has effektiw häsiýete eýe boldy. Bu programma indi has meşhurlyga eýe bolup ugrady. Ozallar adamlar başga kişiň çagasyny ogullyk almaga ýykgyn eden bolsalar, indi olar bu çagalar bilen genetiki taýdanam baglanyşykly bolmak isleýärler” diýip, Antonow ýagdaýy suratlandyrdy.

Antonowyň aýtmagyna görä, diňe geçen ýylyň dowamynda Ukrainada emeli tohumlandyrmak arkaly surrogat eneleriň çaga dogurmaklary bilen baglanyşykly 120 waka bolupdyr. Ol hususy surrogat agentliklerinde döwlete resmi hasabatlaryň berilmeýändigine salgylanmak bilen, hakyky sanyň ýene 30 prosent töweregi ýokarydygyny öňe sürýär.

Surrogat usuly arkaly çaga dogrulmagyna rugsat berýän ýurtlaryň arasynda Ukraina bilen Hindistan iň bir arzan ýurtlar hasaplanylýar. Ukrainda şeýle hyzmatyň bahasy daşary ýurt raýatlary üçin 30 müň bilen 45 müň dollaryň aralygynda, ýerli raýatlar üçin bolsa 10-15 müň dollar.

Birleşen Ştatlaryň käbir ştatlarynda-da surrogat usuly çaga dogrulmagyna rugsat berilýär. Emma bu ýurtda şeýle hyzmat üçin talap edilýän töleg, ortaça, 80 müň bilen 120 müň dollaryň aralygynda.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG