Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda daşky sredany goramak maslahat edildi


Ýekşenbe güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda daşky sredany goramak boýunça halkara gününe bagyşlanylyp ýörite wekilçilikli konferensiýalar geçirildi.

Hususan-da, konferensiýalardan biri Türkmenistanyň Tebigaty goramak boýunça ministrligi hem-de BMG-niň Ýewropa boýunça ykdysady komissiýasy tarapyndan gurnaldy.

Konferensiýalardan ýene biri bolsa, Türkmenistanyň agrosenagat kompleksiniň hem-de suw-hojalyk pudagynyň spesialistleriniň, alymlarynyň we ekologlarynyň gatnaşmagynda gurnaldy.

Bu forumlara gatnaşyjylar Türkmenistanda seýrek haýwanlary we ösümlikleri gorap saklamak, tebigatdan aýawly peýdalanmak, ekologiýa üçin zyýansyz tehnologiýalary ulanmak we ekologiýa üçin möhüm proýektleri amala aşyrmak ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
XS
SM
MD
LG