Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl-Siriýa serhedinde birnäçe adam öldi


Ýekşenbe güni Ysraýyl bilen Siriýanyň aralygyndaky serhet ýakasynda siriýaly protestçilere garşy ysraýylyň harbylarynyň atan okundan birnäçe adam öldi.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi bu wakada protestçilerden 20-siniň ölüp, 300-den gowragynyň hem ýaralanandygyny habar berdi. Ysraýyl tarapy bu wakada anyk näçe adamyň ölendigi barada maglumat ýaýratmady.

Emma Ysraýylyň resmileri protestçileriň serhetden geçmäge synanyşandyklaryny aýdyp, bu wakany Siriýanyň hökümetiniň ýurtdaky syýasy wakalardan halkyň ünsüni sowmak üçin gurnan prowokasiýasy hökmünde häsiýetlendirdi.

Siriýanyň resmileri öz gezeginde bu protest çykyşlarynyň ýurduň adaty raýatlary tarapyndan Palestinanyň halkyna raýdaşlyk bildirilip gurnalandygyny öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG