Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan goşunlary Owganystandan tapgyrlaýyn çykar


Ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Goranmak sekretary Robert Geýts amerikan goşunlarynyň Owganystandan örän haýallyk bilen, emma jogapkärçilikli ýagdaýda çykaryljakdygyny aýtdy.

Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynda, amerikan harby bazasynda äden bu çykyşynda Robert Geýts amerikan goşunlarynyň Owganystandan çykarylmak prosesiniň bu ýurtdaky beýleki koalision güýçleriň-de haýdan-haý çykyp başlamaklaryna getirmeli däldigini nygtady.

Prezident Barak Obama Owganystandaky amerikan goşunlaryny bu ýurtdan çykarmak planlary barada indiki aý ýörite beýanat bilen çykyş eder diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG