Sepleriň elýeterliligi

Assanj “WikiLeaks” hiç kime zyýan bermedi diýýär


Ýekşenbe güni «WikiLeaks» internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj Birleşen Ştatlaryň diplomatik çeşmelerinden alnan maglumatlaryň öz saýtynda ýaýradylmagynyň hiç kime zyýan ýetirmändigini aýdyp çykyş etdi.

Britaniýada gurnalan edebiýat festiwalynda eden bu çykyşynda Julian Assanj «WikiLeaks» internet saýtynyň ýaýradan gizlin dokumentleri sebäpli kimdir-birine zyýan ýetendigi barada resmi şikaýatlaryň ýokdugyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri «WikiLeaks» saýtynyň gizlin diplomatik dokumentleri jemgyýetçilige ýaýratmak arkaly kanunçylygy bozandygy ýa bozmandygy baradaky mesele boýunça derňew alyp barýarlar.

«WikiLeaks» internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj şwesiýaly iki sany aýala jynsy taýdan zorluk edenlikde bildirilýän aýyplamalar boýunça häzirki wagt Britaniýada suduň gutarnykly kararyna garaşýar.
XS
SM
MD
LG