Sepleriň elýeterliligi

“French open”: ispaniýaly Nadal altynjy gezek çempion


Ýekşenbe güni tennis boýunça erkekleriň arasynda Fransiýada geçirilen “French open” halkara ýaryşynda ispaniýaly Rafael Nadal bu ýaryşyň altynjy gezek çempiony boldy.

Ýaryşyň finalynda ol şweýsariýaly, dünýäniň ikinji raketkaçysy Rojer Federer bilen bäsleşdi. Çekeleşikli geçen ýaryşda Rafael Nadal ýeňiş gazanyp, dünýäniň birinji raketkaçysy titulyny saklap galdy.

Munuň özi Rafael Nadalyň tennis boýunça abraýly halkara ýaryşlarynda gazanan onunjy ýeňşidir.
XS
SM
MD
LG