Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-türk töleg dawasy: Türkmenistan bergisiniň bardygyny ret edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül bilen, Türkmenbaşy şäheri, 2011-nji ýylyň 30-njy maýy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül bilen, Türkmenbaşy şäheri, 2011-nji ýylyň 30-njy maýy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen annada bolan hökümet maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalarynyň bitiren işleri üçin tölegiň öz wagtynda hem yzygiderli edilip gelnendigini aýtdy.

Türkiýede çykýan "Hürriýet" gazeti Türkmenistanda işleýän türk firmalarynyň bir bölegine tamamlanan proýektler üçin 1 milliard dollar töwereginde iş hakynyň tölenmeýändigini ýazýar.

Türkmenistanda işleýän türk gurluşyk firmalarynyň üçüsi: "Içkale Inşaat Ltd", "Kylyç Inşaat Ithalat Ihrajat Sanaýi we Tijarat Anonim" we "Adem Dogan" kompaniýalary Türkmenistanyň üstünden şikaýat edip, Bütindünýä Bankynyň ýanyndaky sermaýa dawalaryny çözýän halkara merkezine ýüz tutupdylar.

Türk metbugatynyň ýazmagyna görä, Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül bilen Döwlet ministri Zafer Çaglaýanyň golaýda Türkmenistana eden bir günlük sapary hem 25 çemesi türk kompaniýasynyň Türkmenistandan almaly diýilýän algysy bilen bagly.

Ret edilýär

Türkmen lideri anna güni geçiren hökümet maslahatynda bu sapar barada söz açyp, onuň “iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýetli we bähbitli sapar bolandygyny” aýtdy.

Berdimuhamedowyň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda 600 çemesi türk firmasy işleýär we olar 24 milliard dollarlyk şertnama esasynda iş alyp barýar. Diňe geçen ýylyň özünde türk firmalary bilen 4,5 milliard dollarlyk şertnama gol çekildi.

Bu sanlardan çen tutulsa, Türkmenistan, türkmen lideriniň aýdyşy ýaly, Türkiýä global ykdysady krizisi ýeňip geçmekde, dogrudanam, az kömek etmändir. Şundan ugur alynsa, Türkmenistanyň edilen işler üçin töleg etmek mümkinçiligine şübhe bildirmäge esas ýok.

Emma türkmen-türk töleg dawasynyň sebäbini resmi Aşgabadyň Orsýete satýan gazynyň azalmagy, netijede töleg ukybynyň pese gaçan bolmagynyň ahmaldygy bilen baglajak bolýanlar hem bar. Ýöne bu ýerde başga meseleleriň hem bolmagynyň mümkindigi çak edilýär.

Dawanyň köki nirede?

Türkmenistanyň bosgunlykdaky “Respublika” partiýasynyň lideri we ozal Türkiýede ilçi bolup işlän Nurmuhammet Hanamow türk tarapynyň 2002-nji ýylda tölenmedik pul sebäpli türkmen uçaryny saklaýşyny we beýleki birnäçe dawany ýatlap, bu ikaradaky dawanyň asla täzelik däldigini, sebäbi bu ýerde belli bir düzgüniň, ýeterlik kepilligiň ýokdugyny aýdýar. Onuň pikiriçe, Orsýete satylýan gazyň kemelmeginiň Aşgabadyň töleg ukybyna uly zarba uran bolmagy gaty mümkin.

Türkiýäniň Ýewraziýa Strategiki barlaglar merkeziniň baş kordinatory, doktor Mehmet Seýfetdin Erol Aşgabadyň bolmagy mümkin maliýe kynçylyklarynyň diňe Orsýete satylýan gazyň azalmagy bilen däl, eýsem Pekin bilen aradaky kynçylyklar bilen hem bagly bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.

“Soňky aýlarda bize gelip gowşan maglumatlara görä, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky tebigy gaz söwdasynda birnäçe mesele döräpdir” diýip, Erol aýdýar.

Türkmenistanyň bosgunlykdaky "Respublika" partiýasynyň lideri Hanamowyň pikirine görä, türk-türkmen töleg dawasynyň kökleri Saparmyrat Nyýazowyň prezident bolan döwründe türk firmalary bilen gurlan iş praktikasyndan gaýdýar.

“Men ilçi bolup işläp ýören döwrümde hem şular ýaly ýagdaýlara gabat gelipdim” diýip, ozalky ilçi aýdýar. Onuň tassyklamagyna görä, türk kompaniýalary bilen baglaşyljak şertnamalar öňünden ilik-düwme edilenden soň, olara prezidentiň rugsat bermeginde, gol çekilýär we türk firmalary perzidentiň goluny özleri üçin ýeterlik kepillik hasaplaýarlar.

Meselede korrupsiýada bolup bilermi?

Emma şol bir wagtda-da Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalary bilen baglaşylýan şertnamalar babatda ýeterlik açyklyk ýok. Bu bolsa öz gezeginde korrupsiýa, soňy bilenem oňşuksyzlyga, sud dawalaryna sebäp bolýar.

Hanamowyň pikirine görä, Türkmenistanda 60 çemesi has degerli türk kompaniýasynyň däl-de, 600 çemesi ownukly-irili türk firmasynyň işlemeginiň özi hem korrupsiýadan habar berýär. “Bu ýerde korrupsiýa uly rol oýnaýar. Näme üçin diýseňiz, näme üçin şu şirketleriň sany kän?” diýip, Hanamow soraýar.

Türk metbugaty prezident Abdylla Gül bilen Türkmenistana sapar eden döwlet ministri Zafer Çaglaýanyň türkmen ministrleriniň birnäçesi, şol sanda ýurtdaky gurluşyklara jogap berýän ministr Derýageldi Orazow bilen duşuşandygyny ýazýar.

Azatlyk Radiosynyň resmi Aşgabatdan bu duşuşyklarda edilen gürrüň barada maglumat almak synanyşygy netije bermedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG