Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gerekmejek arçalaryň otagy


Gulgeldiýew: "Aslyna seretseň, mazaly kök urup, ese-boýa galýança baglaryň otlary aýrylmaly däl. Gyrymsy otlar baglaryň heniz ýere örküni berip ýetişmedik köklerini Günden, jöwzadan goraýar".
Gulgeldiýew: "Aslyna seretseň, mazaly kök urup, ese-boýa galýança baglaryň otlary aýrylmaly däl. Gyrymsy otlar baglaryň heniz ýere örküni berip ýetişmedik köklerini Günden, jöwzadan goraýar".
Türkmenistanda ýaz — ekiş döwri, tomus bolsa otag döwri hasaplanýar. Ýagny tomsuna ekinler hapa-haşal otlardan arassalanmaly.

Bu zatlar elbetde, oba hojalyk ekinlerine degişli. Indi ýigrimi ýyl bäri halky başagaý etmek maksady bilen çem gelen baýyrlaryň ýüzüne, çöllere ekdirilýän, gerekmejek arçalar hakdaky gürrüňler eýýäm dünýä ýaýrady. Ine, şu günler şol, gerekmejek baglaryň-da otlaryny aýyrmak işleri dowam edýär.

Bu kampaniýa bag ekenleriň ählisi gatnaşmaly. Medisina işgärleri, talyplar, bank işgärleri... garaz, her bir edara-kärhana özlerine paýlanyp berlen ýerlerde gögerden baglarynyň otuny aýyrmaly. Talyplar üçin ýetip gelen gutardyş hem döwlet ekzamenleri, kursdan-kursa geçiriş ekzamenleri üçin okuw okap, synaglara taýýarlanmak meselesi zerur hasaplanmaýar, medisina işgärleri üçin näsaga hyzmat etmek borjy soňa goýulýar, bank işgärleri üçin halk bilen işleşmek ikinji derejeli işe öwrülýär. Ýurduň ähli ýerinde gerekmejek ýerlerde ekilen gerekmejek baglary gögertmek hem olaryň otuny aýyrmak iň bir zerur hem ilkinji ýerine ýetirilmeli iş hasaplanýar.

Aslynda baýyrlaryň ýüzüne ekilýän arçalaryň halka zyýandan başga hiç bir peýdasy ýok diýesiň gelip dur. Barmasy kyn bolan ýerlerde arçalary tomsuna suwarmak meselesi şeýle bir güzap. Şol sebäpden hem baglar guraýar. Käbir edaralaryň 5 ýyl bäri ideg edip gelýän baglarynyň diňe 20 prosentinde ösüş alnyp, galan arçalar bolsa diňe gaýtadan oturdylýar.

Ekilýän arçalar ne miwe berýär, ne peýda. Emma muňa garamazdan, olara ideg edilişi hut Watana iň bir gerekli önümler bolan pagtadyr bugdaýa gözegçilik edilýän ýaly. Bir tarapdan bu zatlar gaharyňy getirýär, bir tarapdan gülkiňi tutdurýar. Ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna çenli, banklaryň, edara-kärhanalaryň, keselhanalaryň ýolbaşçylaryna, prokuratura işgärlerine çenli şol gerekmejek baglaryň üstünde. Otag, suwaryş işlerine gözegçilik edilýär.

Aslyna seretseň, mazaly kök urup, ese-boýa galýança baglaryň otlary aýrylmaly däl. Gyrymsy otlar baglaryň heniz ýere örküni berip ýetişmedik köklerini Günden, jöwzadan goraýar. Adamlary başagaý etmek we kösemek meselesi zerur bolan halatda baglara zyýan salýan işler hem buýrulýar.

Eger-de ýurtda alnyp barylýan içerki syýasatyň baş maksady ýaşlary okuwdan çetleşdirmek, işgärleri işinden sowmak bolup durýan bolsa, onda olary haýyrly baglary, ekinleri ekdirmek işine-de ugrukdyryp bolardy. Mysal üçin tut plantasiýalaryny ýetişdirmek, ýüpek gurçuklaryny tutmak işlerine ugrukdyryp bolar. Her edara-kärhanalara gerekmejek arçalary eker ýaly ýer däl-de, peýda getirjek ekin eker ýaly ýer paýlanyp berilse, gowy bolardy. Şeýdilse, bu edilýän işlerden ýurduň ykdysadyýetine birneme ýardam bolardy.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG