Sepleriň elýeterliligi

Çagalarymyzyň hukugy goralmaly


Ýazgulyýew: "Baýramçylyk çärelerine gatnaşdyrylýan çagalaryň ýüzlerçesi, belki, müňlerçesi ýaranjaň syýasatyň guralyna öwrülip, prezidenti mahabatlandyrmakda serişde hökmünde ulanylýar".

Ýazgulyýew: "Baýramçylyk çärelerine gatnaşdyrylýan çagalaryň ýüzlerçesi, belki, müňlerçesi ýaranjaň syýasatyň guralyna öwrülip, prezidenti mahabatlandyrmakda serişde hökmünde ulanylýar".

Her ýylyň 1-nji iýuny çagalary goramagyň halkara güni. Resmi propaganda Türkmenistanda çagalary goramagyň halkara gününde oňa bagyşlanyp bellenen baýramçylyk çäreleriniň birnäçesini hödürläp, türkmen çagalarynyň bagtyýarlygyny dabara bilen subut etmäge çalyşdy.

Şol gün Gökderedäki „Şöhle“ atly dynç alyş-sagaldyş merkeziniň açylmagyna bagyşlanyp prezidentiň gatnaşmagynda geçirilen dabarada:

Sag bol, mähriban prezidentimiz,
Jaýlary bagyş edeniň üçin.
Sag bol, mähriban Arkadagymyz,
Daglary bagyş edeniň üçin...—


diýip, çagalaryň prezidente heňe gelmeýän joşgun bilen öwredilen alkyşlaryny, ýaş ýetginjekleriň ýasama döredilen şady-horramlygyny görkezdiler.

Çagalary goramagyň halkara gününiň hormatyna ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça üçünji halkara merkezi — Aziýa maslahaty hem iki günläp dowam etdi. Bu maslahata gatnaşanlar söhbetdeşlikde çagalaryň hukugyny goramak boýunça daşary ýurtdan gelen örän tejribeli hünärmenler bilen çagalaryň hukugyny goramakda öňde durýan wezipeler, problemalar hakynda aç-açan pikir alyşmagyň bolandygyny tassykladylar.

Ýöne türkmen habar beriş serişdeleri bu maslahat hakynda-da diňe joşgunly, birtaraplaýyn maglumaty berip, bu maslahatyň döwlet baştutanynyň taýsyz tagallasy bilen geçirilendigini öňe sürdüler.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen, çagalara üç ýaşyna çenli çäklendirilen kömek puluny tölemek ýola goýuldy. Prezident Nyýazowyň döwri bilen deňeşdireniňde, çagalaryň saglygyny bejermekde keselhanada ýatan ýerini mugt etmek ýaly käbir ýeňillikleriň döredilendigini aýtmak gerek.

Ýöne henizem ýurdumyzda işsizligiň aşa köpdügi çagalaryňam hukugyny aýagasty edýär. Oba ýerlerinde ýaşaýan çagalar agyr zähmeti talap edýän — otag otamak, mal bakmak, ekine suw tutmak ýaly işleri edýärler. Ene-atasy iş tapman kösenýän şäher çagalary bolsa bazarda galtak sürüp, günlükçilik etmäge, gyzjagazlar baýlaryň öýlerinde çaga seretmäge, hatda käbir çagalar gedaýçylyk etmäge mejbur bolýarlar.

Ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly Gökderede, Awazada çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň yzly-yzyna açylýandygy halka görkezilse-de, näme üçindir şol ýerlerde çagalaryny dynç aldyrmaga köp ene-atalaryň güýjüniň ýetmeýändigi hakynda aýtman, dymýar?!

Näçe geňem bolsa, çagalary goramagyň halkara güni bolan 1-nji iýunda ýurdumyzyň çagalarynyň uly bölegi adaty edýän işlerini ýerine ýetirip, bu günki dabaralardan bihabar boldular, olaryň bu gün hakda — çaga hukugyny goramak güni hakda asla düşünjelerem ýok.

Döwlet derejesinde geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşan çagalar tas bir aý öňünden başlanan agyr repetisiýa gatnaşyp, baýramçylyk çäresinde öwredilen sözleri aýtmaga, bogazlaryna sygdyklaryndan prezidente alkyş okap, gygyrmaga mejbur boldular.

Gökderedäki „Şöhle“ dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşan müňlerçe çagalar bolsa prezidenti garşylamak, onuň öňünde çykyş etmek üçin alty sagatdan gowrak aýak üstünde durmaly boldular.

Prezidentiň çaga zähmetini ulanmagy gadagan etmek hakynda kararynyň bardygyna garamazdan, çagalaryň uly bölegi ene-atalaryna goldaw hökmünde agyr zähmet çekip, gazanç etmeli bolýarlar. Baýramçylyk çärelerine gatnaşdyrylýan çagalaryň ýüzlerçesi, belki, müňlerçesi ýaranjaň syýasatyň guralyna öwrülip, prezidenti mahabatlandyrmakda serişde hökmünde ulanylýar.

Ýurdumyzda metbugat azatlygynyň asla ýokdugy, üstesine-de, halkyň ýurtda alnyp barylýan syýasatdan eýmenýändigi üçin ene-atalar çagalarynyň depelenýän hukugy hakynda açyk pikirlerini aýdyp bilenoklar. Ýöne çagalarymyzyň hukugyny goramak üçin ilkinji nobatda ýurdumyzda işsizligiň doly soňuna çykmaly hem çagalary syýasy guralyň serişdesi hökmünde ulanmagy bes etmeli.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG