Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda ýüzlerçe nebitçi demonstrasiýa geçirdi


Duşenbe güni Gazagystanyň nebit kompaniýasynyň ýüzlerçe işgärleri ýurduň günbataryndaky Aktau şäherinde öz kärdeşleriniň tussag edilmegine protest bildirip, demonstrasiýa geçirdiler.

Ýekşenbe güni Aktau şäherinde “Karažan-basmunaý” nebit kompaniýasynyň işgärleriniň ýüzlerçesi öz aýlyk haklarynyň köpeldilmegini we sosial ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagyny talap edip demonstrasiýa çykanda, häkimiýetler olary gazaply güýç ulanyp dargytdylar.

Şol wakada 37 adam tussag edilip, olardan 7-si birneme soňra erkinlige goýberildi. Nebitçilerden ikisi şonda öz garynlaryny pyçak bilen kesip, häkimiýetlere garşy nägileliklerini mälim edipdiler. Olaryň ikisem agyr halda keselhana alnyp gidildi.
XS
SM
MD
LG