Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda iki milisiýa işgäri adam öldürmekde aýyplanýar


Duşenbe güni Täjigistanyň paýtagty Duşenbede şu ýylyň mart aýynda bir tussagy urup öldürmekde aýyplanýan ozalky iki milisiýa işgäriniň işi boýunça sud diňlenişigi başlandy.

Täjigistanyň raýaty Safarali Sangow şu ýylyň martynda Duşenbe şäheriniň Sino raýonyndaky milisiýanyň izolýatorynda tenine salnan agyr ýaralardan ölüpdi. Onuň dogan-garyndaşlary milisiýa işgärleriniň ony urup öldürendiklerini aýdýarlar.

Aýyplama bildirilýän milisiýa işgärleri bolsa, Safarali Sangowyň milisiýanyň jaýynyň ikinji gatyndan böküp, öz janyna kast edendigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG