Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky partlamalarda 26 adam heläk boldy


Duşenbe güni Yragyň paýtagty Bagdatda we ýurduň merkezi regionlarynda amala aşyrylan dürli hüjümlerde jemi 26 adam öldi.

Hüjümlerden birinde janyndan geçen bir hüjümçi Yragyň ozalky lideri Saddam Husseýniň dogduk şäheri bolan Tikrik şäherinde maşyna ýerleşdirilen bombany partlatdy. Diňe şol partlamadan 17 adam öldi.

Birleşen Ştatlaryň harby resmileri düýn Yragyň merkezi regionynda bolan hüjümlerde 5 sany amerikan esgeriniň ölendigini habar berdiler.
XS
SM
MD
LG