Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň hökümeti protestçileri adam öldürmekde aýyplaýar


Duşenbe güni Siriýanyň häkimiýetleri protestçileri ýurduň howpsuzlyk işgärlerinden 120-sini öldürmekde aýypladylar.

Döwlet telewideniýesiniň beren maglumatynda ýurduň Ýisr al-Şughor şäherinde ýaragly gozgalaňçylaryň howpsuzlyk işgärlerinden 120-sini atyp öldürendikleri aýdylýar.

Siriýanyň içeri işler ministri Ibrahim Şaar döwlete hüjüm edýänlere garşy hökümetiň berk çäre görjekdigini aýdyp, çykyş etdi.

Emma siriýaly ýerli aktiwistler Ýisr al-Şughor şäherinde protestçilere garşy ok atmakdan ýüz öwren polisiýa işgärleriniň bir toparyny howpsuzlyk güýçleriniň özleriniň atyp öldürendiklerini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG