Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Orsýetiň «Regnum» agentligini prowokasiýada aýyplaýar



Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Orsýetin «Regnum» habar agentliginiň ýaýradan käbir maglumatlaryny galp we ýoýlan maglumatlar diýip atlandyryp, bu barada ýörite press-reliz ýaýratdy.

Bu press-relizde «Regnum» habar agentliginiň Türkmenistanyň käbir daşary döwletler we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyklarynyň dürli jähtleri barada yzygiderli galp we ýoýlan maglumatlary ýaýradýanlygy aýdylýar.

“Galp we ýoýlan maglumatlar” diýilýänleriň hatarynda bolsa bu habar agentliginiň Türkmenistanyň kaliý duzuny gazyp almak boýunça Belarus bilen alyp barýan işlerinde gizlin maliýeleşdiriş shemalaryny ulanýandygy barada ýaýradan maglumaty getirilipdir.

Mundan daşary, press-relizde ýakynda Türkmenistana sapar eden ÝHHG-niň häzirki başlygy, Litwanyň daşary işler ministri Audrýunos Ažubalisiň hökümete degişli däl guramalary hasaba almak prosesinde Türkmenistandaky ähli çäklendirmeleri aradan aýyrmak barada hiç hili çagyryş etmändigi aýdylýar we bu barada-da «Regnum» habar agentliginiň ýalan maglumat ýaýradandygy nygtalýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Orsýetiň «Regnum» habar agentliginiň bu maglumatlaryny “prowakasion maglumatlar” diýip atlandyrýar we geljekde şeýle maglumatlary Türkmenistanyň ünsden düşürmejekdigini nygtaýar.
XS
SM
MD
LG