Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dilimiz – milli baýlygymyz


Halkyň milli aýratynlygy hasap edilýän türkmen dili mundan 21 ýyl ozal döwlet dili diýlip yglan edilipdi, ýagny türkmen diline resmi durum berlipdi.
Halkyň milli aýratynlygy hasap edilýän türkmen dili mundan 21 ýyl ozal döwlet dili diýlip yglan edilipdi, ýagny türkmen diline resmi durum berlipdi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygy diňe bir ýurduň syýasy durmuşynda bolman, medeni meselelerde-de erkinlige ýol açan uly sosial çäre boldy. Owaly bilen halkyň milli aýratynlygy hasap edilýän türkmen dili mundan 21 ýyl ozal döwlet dili diýlip yglan edilipdi, ýagny türkmen diline resmi durum berlipdi.

70-80-nji ýyllarda türkmen diliniň ähmiýeti gaty peselipdi. Ýurtda ýöredilýän iş kagyzlary, resmi dokumentler, resmi çykyşlar köplenç rus dilinde ýöredildi. Adamlaryň arasyndaky özara gepleşiklerde-de esasan rus diline ähmiýet berildi.

Aslynda bolsa türkmen diliniň döwlet dili hökmünde yglan edilmegi respublika döredilen döwürlerden başlanypdy. Bu çäre, ýagny türkmen diliniň döwlet dili saýylmagy ýurtda sowatsyzlygy ýok etmäge, milli kadrlaryň ýetişmegine ägirt güýçli täsir edipdi.

Ýazyjy Hudaýerdi Hally türkmen diliniň häzirki ýagdaýy barada aşgabatly publisit hem žurnalist Aşyrguly Baýry bilen gürrüňdeş boldy.

H. Hally: Aşyrguly, gürrüňimizi türkmen diliniň döwlet dili diýlip yglan edilmeginiň taryhyndan başlasak gowy bolardy.

Aşgabatda ýaşaýan žurnalist Aşyrguly Baýryýew
A.Baýry: Türkmen dilini döwlet dili diýlip yglan edilmeginiň taryhy 1926-njy ýyldan başlanýar. Şol ýylda “Türkmenistan sosial şura jemhuryýetiniň hökümet dili diýlip türkmen we rus dilleri hasaplanýandyr” diýen düzgün kabul edilipdi.

Türkmenistanyň Merkezi Ispolnitel komitetiniň şu meselä bagyşlanan Sessiýasy çagyrylýar. Onda MIK-iň başlygy Nedirbaý Aýtakow çykyş edýär. Şol Sessiýanyň kararynda şeýle diýilýär: “Türkmenistan jemgyýetinde ýaşaýan milletleriň köpçüligi türkmen we türkmen dilini bilýänler bolmagyna görä, edara işlerinde gatnaşyk resmi dili türkmen dili bolmaly... Jemhuryýetde bolan ähli edaralaryň hat ýöretmek işleri üç ýyla çenli doly suratda türkmen diline geçirilmeli”.

Şeýle hem ol Sessiýada bellenen möhlete çenli ýerli dili öwrenip bilmedik her bir gullukçynyň gullukdan gitmelidigi, ony öwrenmekden ýüz öwrenleriň bolsa, şol möhletden öň bolsa-da, wezipesinden boşadylmalydygy duýdurylýar.

H. Hally: Ýatladyp geçsek, şu ýyl şol kararyň kabul edilenine 85 ýyl bolýar.

A. Baýry: Gynansak-da, şeýle kabul edilen karar uzak dowam etmän, 1937-nji ýyldan başlap, beýleki dillere üns berlip başlanýar. Bu bolsa türkmen dilini döwlet dili hökmünde ulanmak meselesinde düýpli yza gaýdyşlyk boldy.

H. Hally: Nähilem bolsa şol döwürde şeýle kanunyň kabul edilmegi türkmen halkynyň gündelik durmuşyna ägirt güýçli täsir edipdi. Owaly bilen milletiň hat-sowady artyp, ýerli intelligensiýa kemala gelip başlady. Ýöne soňy bilen bu meselä ýeterlik üns berilmedi. Şeýlelikde, bu meselä ikinji gezek dolanmaly bolduk.

A. Baýry: Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrlarynda SSSR-iň düzümine girýän birnäçe respublikanyň öz ene dillerini döwlet dili diýip yglan etmekleri Türkmenistana-da güýçli täsir ýetirdi. Jemgyýetçiligiň, ozaly bilen-de Agzybirlik halk hereketiniň teklibi hem talaby, Türkmen döwlet uniwersitetiniň professorlar-mugallymlarynyň, Türkmen dili boýunça ylmy-barlag institutynyň alymlarynyň aglabasynyň goldawy bilen 1990-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Sessiýasynda ýurduň dil hakyndaky kanunynyň taslamasyna garaldy. Bu kanun şol ýylyň 24-nji maýynda kabul edildi.

H. Hally: Indi 21 ýyl bäri türkmen dili döwlet dili hökmünde durmuşyň ähli ugurlarynda ulanylýar hem ol ýurduň öz içinde syýasy gatlakda-da resmi dil hökmünde peýdalanylýar. Şeýlelikde, türkmen diliniň berkakarlygy doly ykrar edildi diýip bolarmy?

A. Baýry: Bu ugurda häkimiýetleriň ençeme iş alyp barandyklaryny aýtmagymyz gerek. Ministrlikleriň, edaralaryň, kärhanalaryň aglabasynda resmi kagyzlar, ýygnaklar döwlet dilinde alnyp baryldy. Ozal öz keselini-derdini lukmana rus dilinde düşündirjek bolmaga mejbur bolan ildeşlerimiz indi arkaýyn öz dilinde aýdyp bilýärler. Olar rus dilini bilmeýänlikde aýyplanmakdan dyndylar. Bu bolsa adamlaryň ruhuna gowy täsir edýär. Olaryň ene diline buýsanjyny artdyrýar. Ýolbaşçylardan döwlet dilini bilmek talap edildi. Dogry, bu meselede bärden gaýtmalar bar. Ýokary wezipelilere, deputatlyga dalaşgärlerden beýleki ýurtlaryň köpüsinde edilişi ýaly, synagdan geçmek talap edilmedi.

H. Hally: Bilşimiz ýaly, hut şol şertdenem türkmen dilini bilmeýänler ýa-da çala bilýänler erkin peýdalanýarlar. Eýsem dil bilmeýänler iş kagyzlaryny, dokumentleri nädip ýöredýärler. Öz çykyşlaryny türkmen dilinde nädip taýýarlaýarlar?

A. Baýry: Ministrliklerde, edara-kärhanalarda terjimeçiler başga ştatlarda saklanyp, şolaryň hyzmatyndan peýdalanýarlar. Resminamalar ilki rus dilinde ýazylyp, soňra türkmen diline terjime edýärler. Ýöne kanunlaryň metbugatda çap edilen görnüşlerinuiň astynda “döwlet dilinde terjime” diýlip galp ýazylýar. Döwlet ýolbaşçylarynyň çykyşlary-da, olara köne kril elipbisinde ýazylyp berilýär.

H. Hally: Ene dilimiziň kämil döwlet dili bolmagyny gazanmak üçin, seniň pikiriňçe, nähili çözülmedik mesekleler bar?

A. Baýry: Meniň pikirimçe, terminologiýa meselesini ymykly işlemeli. Häzir adalgalaryň ulanylyşynda köp bulaşyklyklar bar. Dilimiz “namalardan”, “hanalardan” dolup barýar. Dürli görnüşli sözlükleri, ozaly bilen-de türkmen diliniň düşündirişli sözlügini çap etmeli.

Geljek ýyl “Türkmen diliniň sözlüginiň” çap edilenine ýarym asyr bolýar. Şol sözlügiň iki tomluk 2-nji neşiriniň taýýar edilenine-de, men ýalňyşmasam, 30 ýyl bolýar. Döwlet ýolbaşçylarynyň her bir sözlän sözüni tom-tom kitap edip çykarmagyň deregine, sözlükler çap edilse, halka bähbitli bolardy.

Dilsiz hiç bir ylymam, bilimem ösüp bilmez. Olaryň ösüşi bolmasa-da, döwletem, jemgyýetem ösüp bilmez. Döwlet dilimizi özümiz kämilleşdirmesek, ony daşky täsir bilen ösdürip bilmeris.
XS
SM
MD
LG