Sepleriň elýeterliligi

Belarusda benziniň bahasy 30% ýokarlandy


Belarus içerki bazaryndaky benziniň bahasyny 30% artdyrdy. Bu çäre ýurtda çuňlaşýan ykdysady krizisiň hötdesinden gelmek üçin görülýär.

Soňky iki aýyň dowamynda Belarusda benziniň bahasy üç gezek galdy. Mart aýyndan bäri ýurt içindäki benziniň bahasy iki esse töweregi ýokarlandy.

Belarus hökümeti sekiz milliard dollar möçberinde maliýe kömegini almak üçin Halkara walýuta fondy bilen gepleşikler geçirýär.
XS
SM
MD
LG