Sepleriň elýeterliligi

Siriýa hökümeti "ýaragly söweşijilere" duýduryş berdi


Siriýanyň hökümeti "ýaragly söweşijileriň" ýurduň demirgazygynda 120 sany howpsuzlyk işgärini öldürmegine garşy berk gaýtawul berjekdigini wada etdi.

Siriýanyň içeri işler ministri Ibrahim al-Şaar: “Döwletiň wezipesi graždanlaryň we harbylaryň janyny, halkyň mal-mülki bolan döwlet jaýlaryny goramak. Biz kanuna laýyklykda berk we aýgytly hereket ederis. Ýurduň we ilatyň howsuzlygyna garşy gönükdirilýän hiç bir hüjüm barada dymmarys” diýdi.

Duşenbe güni Siriýanyň Jisr al-Şugur şäherinde bolan wakalary barlamaga hiç hili mümkinçilik ýok. Sebäbi Siriýanyň resmileri ýurduň çäklerinde halkara media gulluklarynyň aglabasynyň işlemeginiň öňüni aldy.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň berýän maglumatyna görä, mart aýynyň ortalarynda prezident Başar al-Assadyň režimine garşy başlanan protestleriň basylyp ýatyrylmagy üçin geçirilýän çärelerde parahat ilatdan 1,000 töweregi adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG