Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran suwasty gämilerini Gyzyl deňze çykardy


Eýran özüniň harby deňiz güýçleriniň taryhynda ilkinji gezek suwasty gämilerini Gyzyl deňze çykardy. Bu barada Eýranyň “Fars” habar agentligi maglumat berýär.

Habara görä, suwasty gämiler halkara suwlarynda maglumat toplarlar, şeýle-de beýleki döwletleriň harby gämilerini ýüze çykararlar.

Şol suw asty gämileriň sany ýa-da olaryň kuwwaty barada hiç hili maglumat berilmedi.

Ysraýyl şu ýylyň başynda Eýranyň harby gämileriniň Siriýa barmagyny “prowokasiýa” diýip atlandyrypdy.
XS
SM
MD
LG