Sepleriň elýeterliligi

BMG: Ban Ki-mun ikinji möhlete dalaş eder


Ban Ki-mun Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary wezipesiniň nobatdaky bäş ýyllyk möhletine dalaş etjekdigini mälim etdi. Ban bu barada BMG-niň Nýu Ýorkdaky baş edarasynda çykyş etdi.

Günorta Koreýanyň ozalky daşary işler ministri Ban Ki-mun BMG-ä 2007-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri ýolbaşçylyk edip gelýär. Onuň häzirki möhleti 31-nji dekabrda tamamlanýar.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik bäş agzasynyň ikisi Hytaý bilen Fransiýa Banyň täzeden saýlanmagyny doly goldaýandyklaryny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG