Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň daşary işleri ministri Hytaýa bardy


Liwiýanyň daşary işler ministri Abdul-Ati al-Obeýdi Hytaýa bardy.

Hytaýyň aýtmagyna görä, bu saparyň dowamynda Liwiýadaky syýasy krizisden çykalga tapmak barada gepleşikler geçirler.

Mundan öň Hytaý öz diplomatlarynyň gozgalaňçylaryň esasy şäheri bolan Bengazä baryp, pitneçileriň Milli geçiş geňeşi bilen gepleşikler geçirendiklerini mälim edipdi.

Şeýle-de, şu gün Orsýetiň prezidentiniň Afrika boýunça wekili Mihail Margelow Liwiýanyň Milli geçiş geňeşi bilen gepleşikler geçirmek üçin Bengazä barýar.
XS
SM
MD
LG