Sepleriň elýeterliligi

ABŞ “Transhazar” proýektine goldaw bildirýär


Köp ýyllar bäri gürrüňi edilýän “Transhazar” proýektini amala aşyrmak meselesinde durup geçip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili şol proýektiň “Nabukkonyň” bir bölegi bolup biljekdigini aýtdy.

Köp ýyllar bäri gürrüňi edilýän “Transhazar” proýektini amala aşyrmak meselesinde durup geçip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili şol proýektiň “Nabukkonyň” bir bölegi bolup biljekdigini aýtdy.

Türkiýede “Nabukko” proýektinden gaz aljak döwletleriň we tranzit ýurtlaryň arasynda ylalaşyga gol çekiler. Ýöne şol ýurtlaryň arasynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan bolmaz. Bu barasynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Ýewraziýa energiýasy boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar 6-njy iýunda Bakuwda bolan metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Problema ýok

“Nabukko” proýekti boýunça gol çekiljek ylalaşyga ABŞ pozitiw baha berýär. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň oňa gatnaşmazlygynda problema ýok diýip, Morningstar aýtdy. Onuň sözlerine görä, “Nabukko” proýektine goldaw boýunça 8-nji iýunda gol çekiljek ylalaşyk Ýewropanyň ençeme ýurdunyň we Türkiýäniň bu proýekti makullaýandygyna şaýatlyk edýär.

Morningstaryň sözlerine görä, “Nabukko” turbasyndan akjak gazyň möçberi soňy bilen artar.
“Bu turba gaz berjek ýurtlaryň arasynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň wekilleriniň bolmazlygynda uly problema görmeýärin. “Nabukko” proýektini 2017-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Proýekte gatnaşýan ýurtlar turbany ýeterlik derejede gaz bilen üpjün etmek meselesini çözerler” diýip, Morningstar belledi.

Soňra ol şeýle diýdi: “Esasy çeşme Azerbaýjanyň Hazar sektoryndaky Şahdeňiz ýatagy bolar. Ýöne şol ýatakdaky gaz gorunyň turbany üpjün etmäge ýeterlik bolmazlygy mümkin. Proýektiň kommersiýa nukdaýnazaryndan peýdaly bolmagy üçin gazyň täze gorlaryny tapmaly bolar”.

Morningstaryň sözlerine görä, “Nabukko” turbasyndan akjak gazyň möçberi soňy bilen artar. Başda Azerbaýjanyň çykarjak 10 milliard kubometr töweregi gazy ýeterlik bolar. Biraz soň Yragyň we Merkezi Aziýanyň gazyny goşmaly bolar. Munuň üçin bolsa Hazaryň asty bilen turba çekmäge zerurlyk dörär.

Azerbaýjanyň öz gazynyň bir bölegini Orsýete we Eýrana satmagynda ABŞ problema görýärmi? - diýen soraga Morningstar: “Azerbaýjan özbaşdak döwlet, öz baýlygyna, islegine görä, eýeçilik edip biler. Regionyň döwletleri islän ýurduna we islän möçberinde gaz satmaga hakly. Birleşen Ştatlar regionda geosyýasy oýna gatnaşmaýar” diýip, jogap berdi.

“Transhazar”

Köp ýyllar bäri gürrüňi edilýän “Transhazar” proýektini amala aşyrmak meselesinde durup geçip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýörite wekili şol proýektiň “Nabukkonyň” bir bölegi bolup biljekdigini aýtdy.

“Gaz proýekti “Transhazar” gün tertibinde dur. Men geljek duşenbe güni Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýaryn. Şol turba proýekti boýunça Aşgabadyň pozisiýasy ençeme aý bäri oňyn. Geljekde şol turbany çekmek barada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we ÝB-niň arasynda ylalaşyga gol çekiler diýlip çaklanylýar. Biz şol proýekti berk goldaýarys. Ýöne şol üç tarap bilelikde bir karara gelmeli” diýip, Morningstar belledi.

Soňra ol sözüni şeýle dowam etdirdi: “Biz “Transhazar” gaz turbasyny hemişe-de goldap gelýäris. Eger ol Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň suwlary arkaly geçmeli bolsa, onuň amala aşyrylmazlygyna sebäp görmeýäris. Orsýetiň bu proýekte garşy çykýandygy barada aýdylýan gürrüňlere gelende, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi bu proýekte syýasy goldaw berýär. Onuň ýolunda haýsydyr bir päsgelçilik görmeýäris. Meseläni üç tarap: Türkmenistan, Azerbaýjan we Ýewropa Bileleşigi özara geňeşmeli we çözmeli”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG