Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow BMG-niň wekilini kabul etdi


Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Ýan Kubiş bilen Aşgabatda gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikde taraplar regional meselelerde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlyklaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi BMG-niň ýokary derejeli wekiliniň bu duşuşykda Türkmenistanyň Owganystan bilen transport, kommunikasiýa we energiýa pudagynda alyp barýan we göz öňünde tutýan hyzmatdaşlyklaryna ýokary baha berendigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG