Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG Ysraýyl-Siriýa serhedindäki ýagdaýdan aladalanýar


Sişenbe güni BMG-niň adam hukuklary boýunça Baş komissary Nawi Pilleý soňky günler Ysraýyl bilen Siriýanyň serhetlerinde adamlaryň ölümine getiren wakalara düýpli alada bildirýändigini mälim etdi.

Bu barada ýaýradan beýanatynda ol soňky üç hepdäniň dowamynda Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň 40 töweregi adamy atyp öldürendikleri barada maglumatyň alnandygyny belläpdir.

Nawi Pilleý Ysraýylyň güýçleriniň ýaragsyz protestçilere garşy ok atmaklaryny ýazgaryp, Ysraýylyň hökümetini şeýle wakalarda çakdanaşa güýç ulanmakdan saklanmaklyga çagyrypdyr.
XS
SM
MD
LG