Sepleriň elýeterliligi

Moldowanyň Tennis federasiýasynyň başlygy heläk boldy


Sişenbe güni Moldowanyň paýtagty Kişinýowde bir ýeňil maşyn partlananda ýurduň Tennis federasiýasynyň başlygy Igor Turçan wakanyň pidasy boldy.

Moldowanyň polisiýasy partlanan ýeňil maşynyň Orsýetde hasaba alnan bir maşyndygyny mälim etdi.

Maglumata görä, Moldowanyň tennis federasiýasynyň binasynyň golaýynda ýüze çykan bu partlama Igor Turçanyň öz edarasyndan çykan wagty ýüz beripdir.

Ýöne partlamanyň döremegine nämäniň sebäp bolandygy barada heniz anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG