Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Guramalar Siriýadaky ölüm-ýitimleri derňemäge çagyrýarlar


Sişenbe güni ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalary we ýerli toparlar Halkara suduny Siriýadaky protestlerde müňden gowrak adamyň ölümine getiren wakalary derňemeklige çagyrdylar.

Halkara sudunyň resmileri bu barada suda ýörite şikaýatlaryň gelendigini, emma Siriýanyň Halkara sudunyň agzasy däldigini aýdyp, özleriniň diňe Halkara suduna agza ýurtlaryň raýatlary bilen bagly işlere garap biljekdiklerini mälim etdiler.

Soňky iki aýdan gowrak wagtyň dowamynda Siriýada prezident Başar al-Assadyň režimine protest bildirip demonstrasiýa geçirýän protestçilere garşy ýarag ulanylmagy netijesinde azyndan 1,000 töweregi adam öldi diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG