Sepleriň elýeterliligi

«E-coli»: ÝB-niň fermerlerine kompensasiýa tölener


Ýewropa Bileleşigi soňky günler howply «E-coli» wirusynyň ýaýramagy bilen bagly oba-hojalyk sektorynda çekilen ýitgileriň öwezini dolmak üçin Ýewropanyň fermer hojalyklaryna azyndan 150 million ýewro maliýe kompensasiýasyny bermekligiň planlaşdyrylýandygyny mälim etdi.

Bu meselä bagyşlanylyp düýn Bileleşigiň oba-hojalyk ministrleriniň Lýuksemburgda geçiren maslahatynyň yzy bilen eden çykyşynda Ýewropa Bileleşiginiň Oba-hojalyk boýunça komissary Dasian Siolos fermerler üçin ýene goşmaça kompensasiýalaryň-da göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Gök önümlerden ýaýrady diýlip hasaplanylýan «E-coli» wirusyndan soňky günler Ýewropada jemi 22 adam öldi.
XS
SM
MD
LG