Sepleriň elýeterliligi

ABŞ we Germaniýa: Kaddafi häkimiýetden cekilmeli


Sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen Waşingtonda geçiren gepleşiginde Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň haýdan-haý häkimiýetden çekilmelidigi barada birmeňzeş karara gelendiklerini aýtdy.

Şeýle hem ol Muammar Kaddafi häkimiýetden çekilýänçä oňa görkezilýän basyşlary dowam etdirmek barada-da karara gelnendigini mälim etdi.

Düýn irden NATO-nyň howa güýçleri Liwiýanyň paýtagty Tripolide ýene-de nobatdaky gezek Kaddafiniň hökümet binalaryna zarba urdular. Wakada adam ýitgileriniň bolandygy ýa bolmandygy barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG