Sepleriň elýeterliligi

Mugallymlara sowgat almak üçin mekdep okuwçylarynyň aram-aram pul goşýandygy köplere belli maglumatlaryň biri. Mysal üçin, klas ýolbaşçysy bolan mugallymyň doglan gününde şol klasyň okuwçylary 5-10 manat möçberinde pul goşup, mugallymyň doglan gününi gutlap, sowgat alyp berýärler.

Orta mekdebi tamamlaýan mekdep uçurymlary klas ýolbaşçysyndan başlap, mekdep direktoryna, özlerini okadan her bir mugallyma sowgat almak üçin 100 manada çenli pul goşýarlar. Ýöne sowgat almak üçin güzerany pes maşgaladan bolan okuwça «Pul goş» diýip, azar berilmeýär.

Kä halat käbir okuwçynyň, esasan, klas ýolbaşçysyna ýürekden çykaryp, özbaşdak sowgat berýän wagtlaram bar. Hatda bir klasyň beýleki klasdan kem galmajak bolup, ýolbaşçy mugallyma ýaryşyp sowgat alýan halatlarynyňam bardygyny aýtmak gerek. Emma bu zatlara garamazdan, okuwçylar üçin mugallyma sowgat bermek adata öwrüldi diýmek kyn.

Ilki bilen sowgatdan ýüz öwürmek türkmende uslyp hasaplanmaýar. Munuňam üstesine, mugallymlaryň uly bölegi ýolbaşçylyk edýän klaslarynyň okuwçylaryndan her ýylda däl-de, diňe bir gezek sowgady kabul edýärler.

Remont

Emma okuwçylardan mekdebiň remonty, haýsydyr bir çäräni geçirmek, klas jaýyny abadanlaşdyrmak üçin häli-şindi pul ýygnalýar. Mekdebiň hajatlary üçin okuwçydan pul ýygnamak klas ýolbaşçysy bolan mugallymyň boýnuna goýlan. Her klasdan talap edilen pul ýygnalmasa, klas ýolbaşçy bolan mugallym ýygnalmaly puluň üstüni öz hasabyna dolýar.

Häzir her mugallym mekdebiň hajatlary, berkidilen klasyny abadanlaşdyrmak, ony bezemek üçin aýda azyndan ortaça 50, ýylda bolsa 600 manatdan az bolmadyk puly sarp edýär. Mekdep okuwçysyndanam her aýda bolmanda 2-3 manat pul ýygnalandan soňra, ene-atalaryň käbiri şol puly mugallymyň özi alýandyr diýip şübhelenýär.

Bilim ministrliginden meniň bilen söhbetdeş bolan hünärmenler mekdebiň remonty, klasy abadanlaşdyrmak, mahlasy mekdebiň ähli hajaty üçin döwletiň pul goýberýändigini aýtdylar. Ýöne mekdep hajatlary üçin goýberilýän puluň gaty köp emeldaryň üstünden geçýändigi üçin ol pullar arada ýitip gidýän eken. Bilim hünärmenleriniň söhbetdeşlikde tassyklamagyna görä, döwletiň bilime, has dogrusy, mekdep hajatlaryna goýberýän puluň mekdebe baryp ýetmezligi aýratyn sud derňewine mätäç. Sebäbi mekdebiň zeruryýeti üçin okuwçydan pul ýygnalýandygy hemmelere belli hakykat.

Okuwçydan yzygiderli pul ýygnamagy bes etmek, şeýle hem «Mugallymlar okuwçydan pul ýygnap alýar» diýen düşünjäni aradan aýyrmak üçin ýa-ha mekdebiň ähli hajatyny döwlet öz boýnuna almaly, ýa-da ene-atanyň her okuwçysy üçin ýylda mekdep hajatyna näçe pul bermelidigi anyk kesgitlenip, olaryň şol puly mekdep kassasyna ýylda bir gezek tölemegini ýola goýmaly. Şeýle edilende, döwletiň mekdep hajatyna goýberýän, ýöne düşnüksiz sebäbe görä, gürüm-jürüm bolýan pulunyň nirä gidýäni belli bolar. Mundanam daşary okuwçydan üznüksiz pul ýygnamagyň soňuna çykylar. Şeýle hem okuwçylaryň mugallyma yzygiderli sowgat alýandygy, mugallymyň özi üçin pul ýygnaýandygy hakdaky şübheler öz-özünden aradan aýrylar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG