Sepleriň elýeterliligi

logo-print

NATO: Liwiýa operasiýalary maslahat edilýär


NATO-nyň goranmak ministrleri Liwiýa garşy iki aý töweregi wagt bäri amala aşyrylýan howa hüjümleriniň netijelerini maslahat etmek üçin Brýusselde duşuşýarlar.

Geçen hepde ýaranlyk Liwiýa garşy operasiýany goşmaça 90 güne çenli uzaltmak boýunça ylalaşypdy. Bu BMG-niň rezolýusiýasy esasynda Liwiýanyň parahat ýaşaýjylaryny Muammar Kaddafiniň režiminden goramak maksady bilen edilýär.

NATO-nyň paýtagt Tripolä güýçli zarba urmagyna garamazdan, Kaddafi özüniň audio ýüzlenmesinde ýurduň içinde özüniň “öli ýa diri” galjakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG