Sepleriň elýeterliligi

Ýemenli protestçiler Salehi ýurda dolanmazlyga çagyrdylar


Ýemende müňlerçe protestçi köçelere çykyp, prezident Ali Abdullah Salehiň ýurduň daşynda galmagyna çagyrdylar.

Saleh geçen hepdäniň anna güni amala aşyrylan hüjümde alan şikesleri sebäpli häzir Saud Arabystanynda bejergi alýar.

Birleşen Ştatlaryň resmileriniň maglumatlaryna görä, prezident Salehiň bedeniniň 40%-e golaýy ýanypdyr.

4,000 çemesi demonstrant Salehiň Saud Arabystanynda galmagy üçin “million adamlyk ýörişi” geçirmäge çagyrýar.
XS
SM
MD
LG