Sepleriň elýeterliligi

Tunisdäki saýlawlar 23-nji oktýabrda geçiriler


Tunisde ozalky awtoritar prezident Zine El Abidine Ben Aliniň häkimiýetden çekilmeginden soň geçirilmegi göz öňünde tutulýan ilkinji saýlawlar gaýra süýşürildi. Ilki başda saýlawlary 24-nji iýulda geçirmek planlaşdyrylypdy.

Bu saýlawlar ýurduň täze Konsitusiýany düzjek, şeýle-de kanun çykaryjy organlary we prezidentlik saýlawlaryna ýol açjak gurmaçylyk assambleýasyny düzmek üçin geçiriler.

Geçen aýda ýurduň saýlaw resmileri täzeden döredilýän syýasy partiýalara taýýarlanmaga goşmaça wagt bermek üçin, saýlawlaryň gaýra süýşürilip bilinjekdigini duýdurypdylar.

Tunisiň premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Beji Kaid Essebsiniň aýtmagyna görä, saýlawlar 23-nji oktýabrda geçiriler.
XS
SM
MD
LG