Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan Hosni Mubaregiň heýkelini aýyrdy


Azerbaýjanda Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubaregiň heýkeli aýryldy.

Hirdalan şäheriniň “Azerbaýjan-Müsür dostluk parkynda” üç piramidanyň garşysynda, kürsüde oturan Hosni Mubaregiň heýkeli düýn ýurduň resmileriniň görkezmesi bilen ýerinden söküldi. Bu heýkel 2007-nji ýylda goýlupdy.

Şu ýylyň fewralynda Hosni Mubaregiň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň, azeri oppozisiýasy we ýaş aktiwistler ýurtda Mubaregiň heýkeliniň aýrylmagyna çagyryş edipdiler.
XS
SM
MD
LG