Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa: “E.coli” infeksiýasy peselip başlana meňzeýär


Germaniýanyň saglygy saklaýyş ministriniň aýtmagyna görä, Ýewropada azyndan 24 adamyň ölümine getiren “E.coli” infeksiýasy peselip başlana meňzeýär.

Daniel Bahr ýurduň telewideniýesinde çykyş edip, “E.coli” infeksiýasyna uçran adamlaryň entegem her gün hasaba alynýandygyny belläp, ýöne bularyň sanynyň gitdigiçe kemelýändigini sözüne goşdy.

Germaniýanyň saglygy saklaýyş resmileri 2-nji maýda ýüze çykan bakteriýanyň näme sebäpden ýaýrandygyny entegem anyklamaga synanyşýarlar.

Adamlaryň infeksiýa almakdan howatyrlanyp, gök önümlerden ýüz öwürmegi sebäpli, Ýewropada gök önüm ýetişdirýänler ýüzlerçe million ýewrolyk zyýan çekýärler.
XS
SM
MD
LG