Sepleriň elýeterliligi

Moskwada türkmenistanly neşe gaçakçysy tutuldy


Neşe gaçakçylygy üçin halkara gözlegi yglan edilen Türkmenistanyň raýaty Moskwada tussag edildi. Bu barada Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň şu günki ýaýradan press-relizinde aýdylýar.

Alyjan Nurmämmedow köp mukdarda neşe serişdelerini bikanun almakda, saklamakda we daşamakda aýyplanýar.

Tussag edilen wagty Nurmämmedowyň ýanyndan Özbegistanyň galp pasporty hem tapylypdyr.

Berilýän maglumata görä, häzir onuň Türkmenistana esktradisiýa edilmegi barada maslahat edilýär.
XS
SM
MD
LG