Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Nabukko” gaz üpjünçiliginde kynçylyk bolmaz diýýär


Ýewropa ýurtlaryna Türkiýäniň üstünden tebigy gazy akdyrmak üçin gaz geçirijini gurýan “Nabukko” konsorsiumy proýektiň gaz üpjünçiliginde kynçylygyň bolmajakdygyny öňe sürdi. Bu beýanat Türkmenistanyň köp mukdardaky gaz zapaslaryna hem salgylanylyp edildi.

Konsorsiumyň agzalary şu gün Türkiýäniň Kaýseri şäherinde ýygnandylar.

“Wall Street Journal” gazetiniň ýazmagyna görä, gepleşikleriň dowamynda “Nabukko” konsorsiumynyň paýdary bolan Germaniýanyň “RWE AG” kompaniýasynyň üpjünçilik we söwda boýunça dolandyryjy direktory Stefan Jüdih çykyş edip, “Türkmenistanda häzirki satýanyndan köp mukdarda tebigy gaz bar” diýdi.

Ýakynda Britaniýanyň “Gaffney, Cline and Assosiates” kompaniýasynyň dolandyryjysy Piter Holding Türkmenistanyň öz gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde ikinji orunda durýan döwlet bolmagynyň mümkindigini hem aýdypdy.
XS
SM
MD
LG