Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlaw toparyna wekiller hödürlenilýär


2012-nji ýylda Türkmenistanda prezident saýlawlary geçiriler.
2012-nji ýylda Türkmenistanda prezident saýlawlary geçiriler.
8-nji iýunda, birbada, Ahal, Balkan, Lebap welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň düzümine wekil hödürlemek boýunça mejlisler geçirildi.

Türkmen mediasynda berlen maglumatlara görä, Türkmenistanyň demokratik partiýasy hem-de ýurduň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde geçirilen bu mejlislerde ýerli häkimlik we jemgyýetçilik guramalarynda işlemegiň baý tejribesini toplan, uly abraýdan peýdalanýan raýatlaryň Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň düzümine wekillige hödürlenendikleri barada aýdylýar. Emma Merkezi toparyň düzümine hödürlenen wekilleriň ady türkmen mediýasynda mälim edilmedi.

2012-nji ýylda Türkmenistanda prezident saýlawlary geçiriler. Bu saýlawlara taýýarlygyň çäklerinde ýaňy-ýakynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakynda» hem-de «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar hakynda» kanunlar kabul edildi.

«Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar hakynda» kabul edilen kanunyň 15-nji maddasyna laýyklykda 1999-njy ýyldan 2008-nji ýyl aralykda «Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar hakynda» ozal kabul edilen kanunlar hem-de ol kanuna girizilen üýtgeşmeler öz güýjüni ýitiren hasaplanylýar.

Täze kanunyň 4-nji maddasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan döredilip, ol toparyň başlygyndan, başlygyň orunbasaryndan, kätibinden we on iki agzadan ybarat düzümde bolýar.

Merkezi saýlaw toparynyň düzümine wekiller Türkmenistanyň prezidenti, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan hödürlenilýär.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanylýar.

Ýerli habaçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG