Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýene nireler ýykylar?


Ilmyradow: "Ýetde-gütde gün bilen salynýan jaýlaryň heniz bitmedikleri-de, ýarysy bitenleri-de bar".
Ilmyradow: "Ýetde-gütde gün bilen salynýan jaýlaryň heniz bitmedikleri-de, ýarysy bitenleri-de bar".
Öýleriň, jaýlaryň ýykylyşy hakda köpräk gürrüň edýän bolsagam ahmal. Belki-de bu temanyň köp okyjylaryň ýüregine düşen bolmagam mümkin. Şeýle pikirleri seriňe aýlan çagyň jaý ýykylyşygy baradaky tema gaýdyp ýüzlenmezlige çalyşýarsyň. Ýöne jaý ýykmakda şeýle bir hokgalar ýüze çykýar welin, ýene-de gepi şol tema syrykdyranyňy duýman galýarsyň. Şeýle bir ýerler ýykylýar, olar barada eşiden halatyň hökümetiň näme sebäpden halky beýle köseýänine hiç düşünip bolanok.

Häkimiýetleriň täze paýtagty başgarak ýerden guraga-da, köne Aşgabady taryhy ýadygärlik hökmünde goýmajagyna göz ýetiren millet paýtagtyň içindäki jaý ýykylyşygyna indi birneme öwrenişdi.

Ýöne ine, Garagum çölüniň çägeleriniň içinde, paýtagt Aşgabatdan ýüzlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän Derweze posýologynyň ýykylyşy welin, köpleri haýran galdyrýar. Öň Derweze posýologynda ýaşap, öýleri ýykylansoň, Aşgabadyň etegindäki obalardan mellek ýeri satyn alyp, göçüp gelen adamlaryň gürrüňine görä, Derweze posýologynda ýollary düzetmek üçin käbir köçelerdäki öýlerem däl, juda köp hojalygyň öýi ýykylypdyr.

«Ýykdylar. Ýöne ornuna hiç bir zat gurmadylar. Posýolok giden harabalyga öwrülip ýatyr. Posýologyň adamlarynyň hiç birine jaý beýlede dursun, hatda mellek ýerem bermediler. Dünýädäki iň uly çölüň biri, aňyrsyna-bärisine göz ýetmeýän, ümmülmez çöllügiň çägeliginden ýer dilesegem bermediler. Öwrenişen ýerimiz. Biz hökümetden gaz dilämzok, suw dilämzok, özümiz ojar odunlarymyza çoýunyp, guýy suwy bilenem eklenýäris. Adam pahyra öwrenişen ýerinden gitmek kyn» diýip, derwezeli gojalaryň biri janyny ýakyp, häkimiýetlerden nalynýar.

Derwezelilere ümmülmez çölüň içinden mellek ýeri berilmänsoň, olaryň hersi tanyş-bilşiň, dogan-garyndaşyň ýaşaýan ýerine baryp, gurplarynyň ýetdiklerinden mellek ýeri satyn alypdyrlar, tünek salnypdyrlar. «Nirä gitseňiz, şoňa gidiň» diýdiler» diýip, ýaş ýigitleriň biri gaharlanýar.

Bir döwürler Derweze posýologyndan kükürt çykypdyr we ol ýerde kükürt zawody gurlup, otluçöp öndürilip başlanypdyr. Ikinji jahan urşy ýyllarynda zawodda işleýänlere çörek paý berilýän eken. Ol döwürler çörek hemmelere tapdyrmaýardy. Şonuň üçin Aşgabadyň etegindäki obalardan Derweze posýologyna gidip, kükürt zawodyna işe girip, çörek paý almak bagtyna eýe bolanlar, şeýdip çagalaryny eklänler kän bolupdy.

Soňy bilen adamlar maljagaz hem edinip, öri meýdanlarda mal bakyp, has hem gurplandylar.

Ine, bu günki «ýyk-ha-ýyklyk» syýasaty Garagum çölüniň ortarasynda oturan Derweze posýologyna-da ýetipdir. We onuň ýaşaýjylaryny özleriniň çörek tapan ýerlerinden yzyna kowupdyr. Olaryň işlän zawody hem ýykylypdyr.

Ýykylmajak ýer barmyka?

Bu sowala jogap beräýmek Türkmenistanda indi juda çetin. Bir gün adamlara mellek paýlap berýärler. Yz ýanyndan hem täzeje dikeldilen jaýlary ýykyp çykýarlar.

Prezident Nyýazowyň döwründe Garagum kanalyndan gaýra tarapda, Garagum çölüniň başlanýan ýeri halka jaý salmak üçin paýlanyp berlipdi. Bu ýer «Çoganly posýology» diýlip atlandyrylýar. Aşgabat — Daşoguz maşyn ýolunyň gyrasyndan başlap, çölüň içinde millet jaý baryny salyp, göçüp bardy. Şol jaýlaryň maşyn ýoluna ýakyn ýerde salnanlaryny olaryň bir gatdan ybaratdygy üçin ýykyp, ýerine iki gatly kotejleri gurdular.

Türkmen gurluşykçylarynyň salýan bu jaýlarynyň bahasynyň ýüz müň amerikan dollaryna durýandygyny ol jaýlary satyn alýanlar aýdýarlar. Şeýle jaýlaryň sanynyň gaty köpelendigine garamazdan, häkimlikler ony halka satyp bilenoklar. Sebäbi ýakyn wagtlarda Aşgabat — Daşoguz ýoly geçip gidýän «Çoganly» posýologynyň gapdalyndaky köpri üç gatdan ybarat görnüşde täzeden salynjak. Şeýle köprini kanalyň gaýrasyndaky «Garadamak» posýologyndan hem geçirmek göz öňüne tutulýar. «Köpri geçen halatynda ýüz müň amerikan dollaryna durýan, täzelikde salnan kotej jaýlaryň hem ýykylmagy mümkin» diýip, häkimligiň işgärleri aýdýarlar.

Ýyk-ha-ýyklygyň düýp sebäbini Aşgabat şäheriniň baş proýektiniň — çyzgysynyň ýoklugy bilen düşündirýärler. Ähli gurluşyklar hiç proýekte, çyzga salgylanman gurlupdyr. Indem olary proýekte salmak üçin tertipleýärler hem-de işe päsgelçilik döredýänlerini ýykýarlar.

«Garadamak» posýologynyň üstünden geçmeli köpri sebäpli şäheriň «Mir» köçesiniň gutarýan ugrundaky jaýlar ýykylmaly. Çoganly posýologyndaky kotej jaýlar bilen bile ýene näçe adamlaryň jaýynyň ýykyljagyny diňe köpri gurujylar kesgitlärler. Häzir hiç kim hiç zady bilenok. Hemmeler öýleriniň üstünden bomba düşjek ýaly, zagyrdaşyp otyrlar.

Köpri gurujylar paýtagtyň demirgazyk-gündogar çetinde ýerleşýän «Arzuw» posýologynyň üstünden geçýän köpri sebäpli ýykylmaly jaýlary kesgitläpdirler. Arzuw posýologynyň ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, jaýlaryny ýykmaga baranlaryň üstüne olýeriň ýaşaýjylarynyň birnäçesi palta alyp topulypdyrlar. Paltaly topulanlaryň jaýy häzirlikçe ýykylman galdyrylypdyr.

Aýallar bolsa üýşüp, häkimlige arz etmäge gidipdirler. Häkimlikde olara: «Bujagaz günüňizi köp görýäňizmi? Häzir öýüňize dargamasaňyz, baryňyzy türmä basarys» diýip, kowup goýberipdirler. «Elita» diýlip atlandyrylýan jaýlardan jaý satyn almagy-da maslahat beripdirler. 170 müň amerikan dollaryna durýan «Elita» jaýlaryny kimleriň alyp biljegi belli däl. Sebäbi adamlaryň köpüsi işsiz, işi bolanlaryň aýlygy-da iki ýüz amerikan dollaryndan geçmeýär.

«Arzuwlylaryň» aýtmagyna görä, ýurduň prezidenti wertolýotly şähere aýlanyp, «Bedew» raýony diýip at alan, at çapylýan aýlawyň töwereginde salnan jaýlary hem ýykmagy tabşyrypdyr. Bu raýon Garaşsyzlyk ýyllarynda halka mellek ýerleriniň berilmeginiň netijesinde, aşgabatlylaryň salan şahsy jaýlaryndan ybarat. Ýetde-gütde gün bilen salynýan jaýlaryň heniz bitmedikleri-de, ýarysy bitenleri-de bar.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG