Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-täjik hökümetara komissiýasy maslahat geçirdi


Düýn Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda türkmen-täjik hökümetara komissiýasynyň üçünji maslahaty öz işine başlady.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyklar boýunça iş alyp barýan bu hökümetara komissiýasy 2007-nji ýylda döredilipdi.

Iki gün dowam etjek bu gezekki maslahatda Täjigistan bilen Türkmenistanyň wekilçilikli delegasiýasy iki ýurduň söwda, transport, senagat, energiýa, ylym, magaryf, medeniet, saglygy saklaýyş, sport we turizm ýaly pudaklar boýunça hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meseleleri barada maslahat ederler.
XS
SM
MD
LG